Haber Giriş:
Şu gün Milli Howpsuzlyk geňeşiniň şu ýylyň ilkinji maslahaty geçiriler

Milli Howpsuzlyk geňeşiniň maslahaty şu gün, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň ýolbaşçylyk etmeginde geçiriler
Şu ýylyň ilkinji maslahatynda, Gündogar Ortaýer deňizindäki ýagdaý, Türkiýäniň goşunynyň Azerbaýjanda, Liwiýada we Siriýada alyp barýan işleri bilen terrora garşy göreş ýaly meseleler başda bolmak bilen strategik ähmiýetli ugurlaryň ara alynyp maslahatlaşylmagy meýilleşdirilýär.
Türkiýe bilen Gresiýanyň arasynda, Egeý we Gündogar Ortaýer deňizlerindäki meseleleri ele almak maks...