Haber Giriş:
Hulusi Akar Saraýewoda talyplar bilen duşuşyk geçirdi

Türkiýäniň Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, Bosniýa-Gersegowinadaky jebisligiň we agzybirligiň diňe sebit üçin däl, eýsem bütin dünýä üçin möhümdigini beýan etdi
Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, Halkara Saraýewo uniwersitedine baryp, ol ýerde talyplar bilen duşuşyk geçirdi.
Türkiýäniň we Bosniýa-Gersegowinanyň dostlugyň we doganlygyň üstüne gurulan gatnaşyklarynyň bardygyny aýdan Hulusi Akar: "Umumy taryhy we medeni gatnaşyklarymyz bilim, saglygy goraýyş, goranmak we söwda ugurlarynda has berk gatnaşyklary ýola goýmagymyzda täsirli bolý...