Haber Giriş:
Erdogan-Wuçiç metbugat ýygnagy

Prezident Erdogan Bosniýa-Gersegowinadaky krizisiň hötdesinden gelinmegi üçin halkara jemgyýetiň bilelikde hereket etmeginiň zerurlygynyň äşgärdigini habar berdi
Prezident Rejep Taýýip Erdogan Türkiýä resmi sapar bilen gelen Serbiýanyň Prezidenti Aleksandr Wuçiç bilen geçiren ikiçäk duşuşygyndan soň geçirilen gol çekilşik dabarasynda we umumy metbugat ýygnagynda çykyş etdi.
Serbiýa bilen gatnaşyklaryň örän gowy derejededigini aýdan Erdogan, geçiren duşuşyklarynda Balkanlar başda bolmak bilen sebitleýin we halkara meseleler boýunça pikir alyşyl...