Haber Giriş:
Erdogan Maksatlarynyň Türkiýäni Dünýäniň Ösen 10 Ykdysadyýetiniň Hataryna Goşmakdygyny Aýtdy
R.T.Erdogan Stambulda Prezidentiň Dolmabahçedäki ofisinde ykdysatçylar we alymlar bilen duşuşyk geçirdi.
Türkiýäniň ilkinji gezek öz ýolbaşçylyk eden döwründe 20 ýyllyk üznüksiz galkynyş tapgyryny başdan geçirendigini nygtan Erdogan, şonuň netijesinde esasy uly ykdysady göçümi etmek üçin gerek bolan infrastrukturanyň tamamlanyp barýandygyny aýtdy.
Hâkimiýet başyna gelenlerinde 2002-nji ýylda Halkara pul gaznasyna bolan karzyň 23,5 milliard dollardygyny nygtan Erdogan, şol karzyň 2013-nji...